Russiýa, Gyrgyzystan we Özbegistan Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesini ösdürer

02.11.2023

Russiýa, Gyrgyzystan we Özbegistan «Russiýa — Hazar deňzi — Türkmenistan — Özbegistan — Gyrgyzystan» halkara multimodal ulag geçelgesini ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada «nCa» web saýty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 1-nji noýabrda Daşkentde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Ulag forumy geçirildi. Forumda Özbegistanyň Ulag ministri Ihlom Mahkamowyň, Russiýanyň Ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerewiň hem-de Gyrgyzystanyň Ulag we kommunikasiýalar ministri Tilek Tekebaýewiň arasynda «Russiýa — Hazar deňzi — Türkmenistan — Özbegistan — Gyrgyzystan» halkara multimodal ulag geçelgesini ösdürmek baradaky Ähtnama gol çekildi.

«Russiýa — Hazar deňzi — Türkmenistan — Özbegistan — Gyrgyzystan» halkara multimodal ulag geçelgesi ýa-da «Günorta ulag geçelgesi» Gyrgyzystanyň günortasyndan Özbegistana, soňra Türkmenistana — Hazar deňzindäki Türkmenbaşy portuna geler we bu ýerden hem demirgazyk tarapa — Astrahana gider.

Belläp geçsek, şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň we Özbegistanyň ygtyýarly guramalarynyň we kärhanalarynyň wekilleriniň arasynda bu geçelge bilen baglanyşykly dört taraplaýyn gepleşikler geçirilipdi.