Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda enelere uly hormat goýulýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Maslahata döredijilik işgärleri, sungat ussatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de diplomatlar gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar institutyň eýwanynda guralan türkmen amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşdylar.
Maslahat “Ene — Zemin mukaddesligi” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Munuň özi milli sungatymyzda enelere sarpa goýmak meselesine uly üns berilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Artistleriň çykyşlary hem muny aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäginde dostlukly ýurduň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Liderine pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyň sowgat berlendigi bellenildi. Munuň özi taryhy ähmiýetli wakadyr. Gahryman Arkadagymyza berlen bu sowgat eseriň dünýä halklary üçin ähmiýetlidigini görkezýär. Onda Milli Liderimiziň käbesi Ogulabat ejäniň ähli babatda nusgalyk durmuş ýoly, ýaş nesli Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly orny eýeleýän türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri açylyp görkezilýär.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler kitapda ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden halk döredijiliginiň dürli görnüşleriniň, rowaýatlaryň öz beýanyny tapandygyny nygtadylar. Awtoryň milli terbiýäniň we watançylygyň özara baglanyşygyna garaýyşlary eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyň pars diline terjime edilmeginiň bu meseläniň many-mazmuny boýunça hemmelere ýakyndygyny, ynsan kalbynda enä bolan has belent duýgulary oýarýandygyny bellemek ýakymlydyr. Ene-atalara hormat goýmak türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk asylly däbidir. Alym Arkadagymyzyň eseri hem enelere goýulýan hormat-sarpanyň belent nusgasydyr. Kitapda enäniň, maşgala ojagynyň mukaddesligi, Watana söýgi, ene-atalaryň we perzentleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýeti barada gürrüň berilýär. Enäniň ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm orun eýeleýändigini durmuş hakykaty subut etdi. “Jennet enäniň aýagynyň astyndadyr” diýen jümle türkmen halkynyň aňyna we kalbyna müdimilik ornaşandyr. Maşgala jemgyýetiň bir bölegi bolmak bilen, onda bagtyýarlygyň, nurana durmuşyň höküm sürmegi enäniň yhlasyna bagly bolup durýar. Ene söýgüsi ösüp gelýän ýaş nesiller üçin ruhlandyryjy güýçdür we maşgala ojagynyň çyragydyr.
Çykyş edenler gadymy we orta asyr edebiýatynda enäniň ruhy-ahlak, maşgala gymmatlyklaryna wepaly ynsandygy, onuň milli ýörelgeleri dowam etdirmekde, maşgala gymmatlyklaryny goramakda nusgalyk derejä eýe bolandygy barada beýan edilýändigini nygtadylar. Türkmen halky ene-atasyna hormat goýmak bilen, milli ruhy dabaralandyrmaga ukyplydygyny subut etdi. Şunuň bilen baglylykda, maşgalada bolşy ýaly, tutuş jemgyýetde-de enä möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje milli gymmatlyklarymyzy döwrebap derejede ösdürmekde, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgelerini dowamata atarmakda ägirt uly tagalla etdi.
Maslahatyň barşynda «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitapdan bölekler okaldy, şeýle hem onuň häzirki nesiller üçin örän ähmiýetlidigi nygtaldy. Alym Arkadagymyz kitabynda “ene” diýen sözde adamzadyň ähli gowy häsiýetleriniň bir ýere jemlenýändigini belleýär.
Artistleriň aýdym-sazly çykyşlary berkarar döwletimizde ene mukaddesligine goýulýan sarpanyň, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde amal bolýan belent maksatlaryň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň senasy bolup ýaňlandy.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk beýan edilýär.