Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

02.09.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýetilen derejesine ýokary baha we ony mundan beýläk-de berkitmäge hem-de giňeltmäge uly ähmiýet berýäris” diýlip, hatda bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözülmeginde Özbegistanyň netijeli ornuny belläp, iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine strategik häsiýetli türkmen-özbek gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin mundan beýläk-de bilelikdäki tagallalara taýýardygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny, Özbegistan Respublikasynyň halkynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.