Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

02.09.2024

1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk hem kämilleşdirmek ugrundaky taýsyz tagallalary Aziýanyň merjeni diýlip ykrar edilen şäherimiziň okgunly ösüşinde öz beýanyny tapýar. Hemmetaraplaýyn ösen şäheriň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän paýtagtymyzyň durmuş infrastrukturasy yzygiderli ösdürilýär, binagärlik toplumlarynyň üsti täze binalar we desgalar bilen ýetirilýär.

Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümini, Baş bilim, medeniýet müdirliklerini öz içine alýan toplumynyň bina edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Toplumyň keşbinde milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglerine laýyk gelýän amatlyklar işgärleriň we hünärmenleriň mynasyp zähmet şertlerini dolulygyna üpjün edýär. Şunda Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň esasynda goýlan “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge öz mynasyp beýanyny tapýar.

Köp gatly binadan ybarat bu toplumda 300 orunlyk mejlisler zaly, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 110-dan gowrak iş otaglary, 120 orunlyk naharhana, şeýle hem tehniki desgalar bar.

Iş otaglarynda işgärleriň netijeli zähmet çekmegi üçin zerur enjamlar, şol sanda, kompýuterler, mebeller we beýleki degişli serişdeler bilen üpjün edilip, bu ugurda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.