Estoniýanyň Prezidentinden Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna hat geldi

31.08.2024
Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karisden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat geldi. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen bu hatda Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenmek bilen, şu ýyl Estoniýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi mynasybetli geçen ýyllaryň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilendigini we häzirki döwürde-de ösdürilýändigini nygtamaga şatdygyny belleýär. «Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda mundan beýläk-de ösdürilmegine umyt edýärin. Häzirki döwürde durnuklylyk hem-de dostlukly gatnaşyklar uly ähmiýete eýedir. Pursatdan peýdalanyp, Size we türkmen halkyna 27-nji sentýabrda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollamak isleýärin. Munuň özi gazanylan üstünliklere buýsanmak hem-de geljege ynamly garamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, şeýle hem Türkmenistana we onuň halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!» diýip, Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karis türkmen döwletiniň Baştutanyna iberen hatynda ýazýar.