Sanly ulgama geçmek — ykdysady ösüşiň möhüm şerti

29.08.2024

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» baş ugry hem-de ösen ýurtlaryň derejesine çykmagyň, bilimlere, innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Tehnologik taýdan ösen döwletleriň tejribesinden görnüşi ýaly, hut sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Hökümetine, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ähli derejede halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda tabşyryklary berýär. Türkmenistanyň ösüşiniň geljegi daşarky şertler bilen, ýagny dünýä hojalyk gatnaşyklaryna mundan beýläk-de goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüşiň barşynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz orta möhletli geljekde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny, barha ýokary depginlere eýe bolýan sanlylaşdyrmak işini degişli tehnologiýalar bilen üpjün edýän howpsuz IT infrastrukturanyň döredilmegini strategik taýdan ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezýär.

Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasiýalar, täze iş orunlarynyň döredilmegi köp babatda tehnologiýalaşdyrmak işleriniň depgini bilen kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly täze senagat düzümlerini kemala getirmegiň hasabyna çalt depginde döwrebaplaşdyrmak syýasatyny işjeň amala aşyrýar. Bu ugurda 2025-nji ýyla çenli niýetlenen degişli Konsepsiýa durmuşa geçirilip, ol ähli pudaklary tehnologik taýdan özgertmegiň, olary döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň ägirt uly serişde we önümçilik kuwwaty esasynda ykdysady bilimleri kemala getirmegiň özboluşly “Ýol kartasydyr”. Konsepsiýa kabul edilen döwlet maksatnamalaryna, uzak möhletleýin geljek üçin meýilnamalara utgaşdyrylandyr.

Häzirki wagtda ählumumy we häzirki zaman meýilleri esasynda emele gelen daşarky täsirleri nazara almak bilen, her bir pudagyň öňünde goýlan wezipelere gaýtadan garamak zerurdyr. Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda degişli infrastrukturany döretmek, tehniki taýdan üpjün etmek babatda uly işler alnyp barylýar. Şunda şähergurluşyk ulgamynyň ösüşini mysal hökmünde görkezmek bolar. Sanly, maglumat-aragatnaşyk ulgamlaryny we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmagyň giň gerimi milli binagärlik däpleriniň, dizaýnyň häzirki zaman ýörelgeleriniň sazlaşygyny emele getirýän, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň gurluşygynda-da öz beýanyny tapýar. Şäheriň ähli babatda, şol sanda ekologik taýdan halkara ölçeglere doly laýyk gelýän düzümleri ilatyň rahat we amatly durmuş şertlerini üpjün edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäherinde ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, sanly çözgütler «akylly» şäher we «akylly» öý ulgamyny döretmäge, bu hyzmatlary uzak aralykdan dolandyrmaga, olaryň kiberhowplara garşy ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. «Aşgabat-siti» taslamasynda hem iň kämil tehnologiýalary, döwrebap çözgütleri ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmegine, serişde kuwwatyna sebit we sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňyn täsir edýän şertler hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, nebitgaz känlerinde 3D we 2D barlaglarynyň geçirilmegi nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmakda täze mümkinçilikleri açýar. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär.

Elbetde, sanlylaşdyrma işi ulag ulgamyny ösdürmegiň hem möhüm şerti bolup durýar. Ulag pudagynyň kärhanalarynyň hödürleýän hyzmatlarynyň gerimi barha giňeýär. Türkmenistanyň bu ulgamda innowasion sanly tehnologiýalara, dünýä tejribesine esaslanýandygyny bellemek gerek. Bu bolsa halkara üstaşyr ýük daşamalaryň has amatly ugurlaryny ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyndaky özgertmeleriň-de esasy ugrudyr. Oba hojalyk önümçiliginde halkara tejribä, döwrüň talaplaryna, milli aýratynlyklara laýyklykda, sanly ulgamyň ulanylmagy kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Diýarymyzyň sebitlerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan açylýan täze önümçilik toplumlary sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilip, öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga ýardam berýär.

Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy önüm öndürijilere önümi ýerlemegiň ähli tapgyrlaryna onlaýn görnüşde gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Ol taýýar önümleri ugratmakdan onuň bellenen ýere çenli bolan aralygy, ýola sarp edilen wagt, ýüküň agramy, saklanyş derejesi, ugradylýan ýurduň hem-de alyjynyň ady baradaky maglumatlary berip durýar. Munuň özi bar bolan meseleleri öz wagtynda çözmäge, harytlaryň içerki, häzirki mahabat ýagdaýyny, alyjylaryň isleglerini nazara almak arkaly olary daşarky bazarlara ibermegiň amatly ugurlaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýär. Bank hyzmatlary babatda geçirilýän sanly özgertmeler bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli üýtgemegini aňladyp, ilkinji nobatda, hyzmat ediş tizligini artdyrmagy, hyzmatyň dürli ugurlaryny peýdalanmak arkaly müşderileriň wagtyny tygşytlamagy göz öňünde tutýar.

Internetiň ösmegi hem-de smartfonlaryň mümkinçilikleriniň giňelmegi bilen baglylykda, mobil goşundylar möhüm ähmiýete eýe bolýar. Olary ulanyjylar her gün özleriniň hasabyny barlamak, ýerine ýetirilen amallary gözden geçirmek, geçirimleri, hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmak üçin ençeme gezek ulgama girýärler. Hyzmatlaryň sanlylaşdyrylmagy az wagtyň içinde uly göwrümli maglumatlary işläp bilýän kuwwatly, ygtybarly we çeýe tehnologik ulgamyň döredilmegidir, hyzmatlaryň tutuş toplumyny hödürlemekdir. Bu bolsa Türkmenistanyň maliýe-bank edaralaryny tehnologik taýdan özgertmegiň wajyp ugrudyr.

Sanly ulgama geçmekde söwda ulgamyna-da möhüm orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda internet arkaly söwdany ösdürmäge hem-de ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu ulgamda-da sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, sanly ekoulgamyň, innowasion işewürlik nusgasynyň emele gelmegini nazara almak bilen, netijeli hukuk binýady döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki döwrüň sarp edijileri amatlylyga, ekologik taýdan arassalyga uly üns berýär, wagtyny tygşytlamaga çalyşýar, özüne aýratyn çemeleşmäni talap edýär. Olar maglumatlary almak üçin sanly tehnologiýalardan, dürli çeşmelerden işjeň peýdalanýarlar. Şeýlelikde, Türkmenistanda söwdany sanlylaşdyrmak ulgamynda esasy iki ugry görkezmek bolar: olar häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ulanmakdan we müşderileri içgin seljermekden ybaratdyr.

Sanly ulgama geçilmegi ýurdumyzyň hususy pudagy üçin hem oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamy goldamaga aýratyn üns berýär. Ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, iň täze enjamlaryň we programma üpjünçiliginiň herekete girizilmegi, maglumat serişdeleriniň netijeli ulanylmagy bilen birlikde, ulgamdaky sanly özgertmeler dolandyryş çemeleşmelerinde düýpli özgerişlikleri hem göz öňünde tutýar. Munuň özi kärhanalary ösdürmegiň innowasion usullaryna giň ýol açýar. Sanly ulgama geçmegiň netijesinde döredilýän gurallaryň giň gerimli bolmagy hususy işewürligi ýola goýmaga we ösdürmäge ýardam edýär. Daşary ýurtlarda, dünýäniň islendik sebitindäki işewür hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.

Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze sanly önümleriň durmuşda giňden ulanylýandygy bellärliklidir. Olar hili we amatlylygy boýunça daşary ýurtlaryň sanly önümlerinden birjik-de pes däldir. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 26-njy iýulynda geçirilen mejlisinde «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, milli programma önümlerini döretmekde we ýörite enjamlary öndürmekde ýöriteleşen kiçi hem-de orta telekeçiligi goldamak boýunça çäreleri görmegiň göz öňünde tutulýandygy barada aýdyldy. “Tehno Merkez” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzda dürli görnüşli serwer, maglumat saklaýjy we kiberhowplardan goraýjy enjamlaryň önümçiligini ýola goýmagyň maksadalaýykdygy öwrenildi. Şunuň bilen birlikde, geljekde serwer enjamlaryna abatlaýyş, tehniki goldaw bermek işlerini, “akylly” şäher, “akylly” öý ulgamlary üçin zerur bolan enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi goşmaça iş orunlaryny döretmäge, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge uly üns berilýändigini, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmakda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda serwer, maglumat saklaýjy we kiberhowplardan goraýjy enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak baradaky teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Öňdebaryjy tehnologiýalar hyzmatlar ulgamyny hem düýpli özgerdýär. Mälim bolşy ýaly, häkimlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, bellige we hasaba almak işini ýeňilleşdirmek maksady bilen hem-de raýatlara amatly bolar ýaly, Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň e.gov.tm bitewi portaly döredildi. Bu portal raýatlardyr telekeçilere elektron görnüşde döwlet hyzmatlaryny hödürlemek üçin awtomatlaşdyrylan «Bir penjire» maglumat ulgamy görnüşindedir. Maglumat we telekommunikasiýalar ulgamynda ýerine ýetirilýän işleriň hukuk taýdan kadalaşdyrylyşynyň kämilleşdirilmegi dowam etdirilýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hem-de «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede herekete girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi. Agentlige ýüklenen wezipeleriň çäklerinde ýerli we öýjükli telefon aragatnaşygy, internet, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, emeli hemra aragatnaşygy, milli teleradioýaýlymlar, hünärmenleri taýýarlamak ugurlary boýunça işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz sanly we mobil hyzmatlaryň ählumumy elýeterliligini üpjün etmegi esasy meseleleriň biri hökmünde kesgitledi. Pudagyň hünärmenleri öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan giň gerimli aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, görnüşlerini artdyrmaga, şol sanda ýurdumyzyň iň çetki künjekleriniň ilaty üçin hem internete elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» täzeçil usulda dowam etdirilip, welaýatlary we şäherleri sanlylaşdyrmagyň, olary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm şertine öwrülýär.

Sanly aragatnaşyk ýaýlymlary, emeli aň, robotlaşdyrmak — häzirki wagtda bularyň ählisi biziň gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şol bir wagtyň özünde, sanly tehnologiýalar ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Onuň durmuşa geçirilmegi maglumat gurşawynyň döredilmegini, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny, halkara ülňüleriň derejesinde ugurdaş usullaryň kämilleşdirilmegini üpjün etmekden ugur alýar. Şu maksat bilen, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ýurdumyzyň beýleki ugurdaş düzümlerinde düýpli we amaly ylmy barlaglaryň geçirilmegi, olaryň geriminiň giňeldilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda 7-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parky hukuk derejesini bermek hakynda Karara gol çekendigini bellemek gerek. Bu çözgüt alymlarymyza we inženerlerimize daşary ýurtlaryň abraýly ugurdaş merkezleri, şol sanda Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna laýyklykda, ylym-bilim, önümçilik ulgamlaryndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ykdysadyýetiň işjeň ösüşini gazanmak, hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak esasy şert bolup, ol ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýeti innowasiýalaşdyrmagy çaltlandyrmak, işewürlik hem-de maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ylmy gözlegleri köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak, öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny jemgyýetiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmak boýunça alyp barýan döwlet syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.