Türkmen wekiliýeti Tbiliside geçirilýän Ýüpek ýoly forumynyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

28.10.2023

27-nji oktýabrda Tbiliside geçirilýän Ýüpek ýoly forumynyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýanyň Ykdysadyýet we Durnukly Ösüş ministriniň orunbasary G.Guramişwili, Rumyniýanyň Transport we infrastruktura ministrliginiň döwlet sekretary A. Fogis, APM terminallarynyň söwda gatnaşyklary müdiri Z.Çhartişwili bilen duşuşyklar geçirdi.

Duşuşyklarda söwda, ykdysady, ulag, energiýa we maýa goýum ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn-da «Hazar deňzi-Gara deňiz» ugurlaryndaky ulag we tranzit koridoryna üns berildi.