Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary tamamlandy

27.10.2023

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynda resmi sapary wagtynda ähli göz öňünde tutulan gepleşikler tamamlandan soňra, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.  Belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti resmi agşamlyk naharyny berdi.  Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Ankara şäheriniň «Esenboga» Halkara howa menziline bardylar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we ynanyşmak häsiýetine eýediginiň aýdyň beýany boldy.  Howa menzilinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlary geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, birek-birek bilen mähirli hoşlaşdylar hem-de iki doganlyk halka rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.  Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerden Watanymyza ugrady.  Birnäçe sagatdan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.