ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

24.08.2024
23-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüş depginini bellediler. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigi bellenildi. Taraplar ylym we bilim ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.