Türkmenistanyň ilçisi Sloweniýanyň Prezidentine Ynanç hatlaryny gowşurdy

16.08.2024

Türkmenistanyň Sloweniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara Ynanç hatlaryny gowşurdy.

Türkmen diplomatyny ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlap, Sloweniýanyň ýolbaşçysy oňa işinde uly üstünlikleri arzuw etdi we iki ýurduň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasyndaky dostlukly we özara hormat goýmak ruhundaky gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň ilçisi hem öz gezeginde Sloweniýanyň Prezidentine ýola goýlan hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek we ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk däplerini dowam etdirmek üçin zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasynda ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara guramalaryň çäginde syýasy we diplomatik gepleşikleri işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellendi hem-de özara peýdaly söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-sloweniýa ikitaraplaýyn komissiýasynyň işiniň möhüm orny beýan edildi.

Iki dostlukly döwletiň arasynda medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösmegine hem giňelmegine uly ähmiýet berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.