Ylym-bilim ulgamy — döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady

16.08.2024

Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şu maksatlar bilen, milli ylym-bilim ulgamynyň hukuk esaslary pugtalandyrylyp, bu ugurlaryň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagy boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Iri halkara guramalar, ylmy merkezler bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki ugurdaş düzümlerde ylmy barlaglaryň üstünlikli geçirilmegi, bu babatdaky işleriň giň gerime eýe bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara baglanyşykly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmekleri üçin yzygiderli çäreler görülýär.

Häzirki wagtda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde ylmy barlaglaryň binýatlaýyn we nazary arabaglanyşygy işjeňleşdirilýär. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy ylym babatda ösen döwlete öwürmek üçin ylmy-barlag işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

“Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy”, Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi döredildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesi berildi. Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyz tarapyndan degişli Karara gol çekildi. Bu çözgüt ýurdumyzyň alymlaryna we inženerlerine daşary ýurtlaryň ugurdaş ylmy merkezleri, şol sanda Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan alnyp barylýan senagat-innowasion we maglumat-tehnologik häsiýetli gözlegler, ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehniki ugurly işgärleriň, hünärmenleriň ylmy açyşlary ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipelerini çözmäge şert döredýär.

Ýurdumyzda 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanyp geçirilen “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi” atly halkara ylmy maslahat hem bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirildi. Forum türkmen alymlaryny we onlarça daşary ýurtdan ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ylym milli we umumadamzat bähbitli belent maksatlarymyzy durmuşa geçirmegiň ýolunda berk binýat hökmünde hyzmat edýär. Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak häzirki zaman ylym ulgamynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Şunda islendik ylmy işläp taýýarlama näçe çalt önümçilige ornaşdyrylsa, onuň gymmatynyň hem şol derejede ýokary bolýandygy nukdaýnazaryndan garamak möhümdir. Bu forumyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilendigini bellemelidiris. Maslahatyň «Himiki tehnologiýalar we ekologiýa», «Nanotehnologiýalar we energetika», «Bio-, iýmit we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary», «Maglumat-aragatnaşyk we geografik maglumat ulgamlarynyň tehnologiýalary», «Innowasion ykdysadyýet» atly mejlislerinde gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň sanly tehnologiýalara we innowasion taslamalara bagyşlanan «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek — geljegiň energiýasy» atly sergisi bilen tanyşdylar. Şeýle hem foruma gatnaşan wekillere mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Ýaş innowatorlar» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşmaga mümkinçilik döredildi.

Geçirilen maslahatlaryň hatarynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat hem bar. Onuň dowamynda daşary ýurtly gatnaşyjylar giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli ünsi we goldawlary netijesinde innowasion işleri alyp barmak üçin ýurdumyzda döwrebap ylmy düzümleriň döredilendigini bellediler.

Myhmanlar Ylymlar güni mynasybetli guralan çärelere, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşdylar. Bu abraýly aň-paýhas bäsleşigine gatnaşýanlaryň sany her ýyl yzygiderli artýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilen bäsleşige ýaş alymlaryň we talyplaryň 1670-si gatnaşyp, «Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika»; «Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika»; «Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary»; «Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary»; «Innowasion ykdysadyýet»; «Ynsanperwer ylymlar» diýlip atlandyrylýan ylmyň we tehnologiýanyň alty ugry boýunça öz işläp taýýarlamalaryny, nazary gözleglerini, ylmy barlaglaryny hödürlediler. Eminler bäsleşige hödürlenen işlerden 107-sini baýrakly orunlara mynasyp gördüler. Şunda ylmy işleriň ähmiýeti, ylmy tarapdan täzeçilligi, şol taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirmek, önümçilige ornaşdyrmak üçin zerurlygy göz öňünde tutuldy.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna hem ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Şunda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahat möhüm çäreleriň biri boldy. Forum Azerbaýjandan, Owganystandan, Ermenistandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Beýik Britaniýadan, Wengriýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Ispaniýadan, Eýrandan, Italiýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Litwadan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Koreýa Respublikasyndan, ABŞ-dan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Fransiýadan ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini, ugurdaş hünärmenleri bir ýere jemledi. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO), Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýolbaşçylarydyr wekilleri hem bar. Hormatly Prezidentimiz foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu maslahatyň dürdäne şygyrlary bilen özüni giňden tanadan Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny çuňňur hem-de hemmetaraplaýyn öwrenmekde ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Döwletimiz tarapyndan ýaş türkmenistanlylaryň bilim almaklary, ýurdumyza, halkymyza mynasyp gulluk etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, halkynyň taryhyny bilýän, ýurdunyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan, onuň şan-şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watansöýüji nesli kemala getirmek biziň baş maksadymyzdyr. Täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmek, bilim ojaklarynda abatlaýyş işlerini geçirmek, ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmek, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmek şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňünde goýan gaýragoýulmasyz wezipeleriniň hatarynda boldy. Şeýle hem bilim maksatnamalaryny we meýilnamalaryny kämilleşdirmek, mekdepleri okuw kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Öňde goýlan ähli wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek wajypdyr. Çünki ýaşlaryň biliminiň ýokary derejä ýetirilmegi, olara zerur bilimleriň, amaly endikleriň öwredilmegi, belent ahlak gymmatlyklaryna laýyklykda terbiýe berilmegi ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň doly peýdalanylmagyny üpjün edip biler. Şunda bu wezipeleriň amal edilmegi maksatnamalaýyn çäreleri we irginsiz tagallalary talap edýär.

Biziň ýaşaýan zamanamyz görlüp-eşidilmedik ylmy-tehniki ösüşiň döwrüdir, ol bilimiň derejesiniň we hiliniň, tehnologiýalaryň, döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüşi bilen şertlendirilýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, iň täze kompýuter, multimedia tehnologiýalaryndan, öňdebaryjy iş tejribelerinden peýdalanýan döwrebap okuw mekdepleriniň giň toruny döretmäge, netijede, bilim ulgamyny täzeçil ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýyl ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, olarda täze hünärleriň açylmagy, hünär bilimleriniň ugurlarynyň giňeldilmegi bu babatda alnyp barylýan anyk işleriň mysaly bolup durýar. 2023-nji ýylda çap edilen «UI GreenMetric World University Ranking» halkara reýtingine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 8-siniň girendigini bellemek möhümdir. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň 9-sy Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň işjeň agzasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimiň hiline halkara tejribeler esasynda baha bermegiň döwrebap nusgalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. 25-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminamada mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen çäreler göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmak, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny, görnüşini kämilleşdirmek, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalaryň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu möhüm resminamalaryň kabul edilmegi döwlet Baştutanymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylym-bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak, ony ýokary dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak meselelerine aýratyn üns berýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamynyň ösüşine baha bermek, orta mekdeplerde pedagogik işgärlere bolan zerurlyklary seljermek, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistan milli bilim ulgamyna dünýä standartlaryny ornaşdyryp, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Guramanyň ÝUNISEF, ÝUNFPA, ÝUNDP, ÝUNESKO ýaly ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikdäki işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda bilimi dolandyrmagyň täze maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler görülýär. Munuň üçin eýýäm synag goşundysy işlenip taýýarlanyldy. Şu maksat bilen, ÝUNISEF tarapyndan Bilim ministrligi hem-de Innowasion maglumat merkezi bilen bilelikde milli hünärmenlere bu ulgamy ulanmagy öwretmek boýunça tejribe sapaklary geçirildi. Şunda 2023-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylandygyny hem bellemek ýakymlydyr.

Ýaşlaryň halkara bilim olimpiadalaryna gatnaşmagy bilen bagly sanly bilim Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi geçirilýän halkara bäsleşikleriň we mekdep okuwçylarynyň arasyndaky ders olimpiadalarynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda okuwçylar we talyp ýaşlar halkara ýaryşlarda, internet olimpiadalarynda jemi 156 altyn, 242 kümüş, 339 bürünç medal gazandylar. Şu ýylyň martynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy guraldy. Bäsleşigiň açylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň binýadyny goýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwlet taglymatynyň esasy ugurlaryna aýratyn üns çekdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň halkara giňişlikde barha ýokarlanýan orny, döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetimizi beýik maksatlaryň töweregine birleşdirýän tutumly işleri, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda görülýän çäreler barada aýratyn nygtaldy.

Ýaş raýatlarda bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmaga, dünýä ösüşiniň täzeliklerini özleşdirmäge bolan höwesi döretmek ýurdumyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän möhüm wezipeleriň biridir. Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Bu babatda 2021 — 2025-nji ýyllara niýetlenen degişli Döwlet maksatnamasy hereket edýär. Ýurdumyzyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly dürli ugurlarda döwletara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Diýarymyzyň we daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň arasynda okuw maslahatlaryny, okuw-usulyýet sapaklaryny, umumy okuwlary we beýleki çäreleri bilelikde guramak asylly däbe öwrüldi. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň häzirki zaman binalary gurlup ulanmaga berilýär. Olar döwrebap kompýuterler, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edilýär. Her ýyl birinji synp okuwçylaryň ählisine “Bilimli” atly noutbuk kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Milli bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy hünärmenleri taýýarlamak üçin täze ugurlary we wezipeleri kesgitledi. Şolaryň hatarynda häzirki zaman hünärmeniniň zähmet bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, olara halkara ölçeglere laýyk hünär derejesini bermek wezipesi bar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hünär başarnygyna ukyply hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm şerti hökmünde daşary ýurt dillerini öwrenmek meselesine aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda maslahatlar, ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň halkara guramalar, dürli döwletleriň diplomatik wekilhanalary, okuw merkezleri bilen guraýan çäreleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Geçen ýarym ýylda bilim edaralarynda, şeýle-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlarynyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan köp sanly çäreleriň geçirilendigini bellemelidiris.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň binýadyny iň oňat dünýä tejribesi, halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy gymmatlyklary, milli däp-dessurlary, baý taryhy we medeni mirasy düzmelidir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňemegi üçin ähli şertleri döretmek, dürli pudaklar üçin ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri çözmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, ilkinji nobatda, Watanymyzyň ykbaly, ylym-bilimiň çalt depginde ösýän, adam paýhasynyň ýokary sepgitleri gazanýan döwründe ýaşaýan we zähmet çekýän häzirki hem-de geljek nesilleriň bagtyýar durmuşy üçin ýokary jogapkärçilik duýgusyna ýugrulandyr.