«Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

12.08.2024

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Sizi her ýylyň 12-nji awgustynda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilip geçilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli hem-de «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistan Hazar deňziniň sebitinde söwda-ykdysady, medeni-durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda Hazarýaka döwletleriň giň goldawyna eýe bolýan möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyz Hazar deňzini parahatçylygyň, ynanyşmagyň we ekologiýa taýdan abadançylygyň mekanyna öwürmek babatda giň gerimli maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2002-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen birinji Hazar sammiti Hazarýaka döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmekde möhüm ädim boldy. Bu taryhy waka ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin berk binýat bolmak bilen, sebitde özara arkalaşykly hereket etmek üçin köp sanly meseleleriň çözülmegine uly badalga berdi. Hazar deňziniň sebiti boýunça birnäçe köptaraplaýyn resminamalaryň, şol sanda deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýanyň hem-de Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýanyň taýýarlanylmagynda ilkinji Hazar sammitiniň wajyp ähmiýeti bardyr.

Hazarýaka ýurtlaryň arasynda bar bolan üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, olaryň ösüşine itergi berjek söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Bu forum ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän täze ugurlaryny ýüze çykardy. 2022-nji ýylda Aşgabat şäherinde altynjy Hazar sammitiniň geçirilmegi Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmekde möhüm ädim boldy we Hazaryň ekologiýasyny gorap saklamak boýunça derwaýys wezipeleri öňde goýdy.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, Hazar deňziniň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dostlugyň deňzi bolmagy ugrunda tagallalaryny dowam etdirýär. Biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleriň arasynda energetika, ulag-logistika, senagat, söwda ulgamlarynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlydyr.

Hazar deňziniň gurşawyny gorap saklamak, sebitde ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bagly wezipeler bäş döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde hemişe üns merkezinde saklanýar. Hazar deňzi we onuň daşky gurşawy ýüze çykýan dürli wehimlere, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly howplara duýgur özboluşly tebigy toplumdyr. Bu ugurda Türkmenistan sebitiň ähli ýurtlaryny we gyzyklanma bildirýän halkara guramalary Hazaryň baý ekoulgamlaryny, özboluşly biologik köpdürlüligini ylmy taýdan öwrenmek, gorap saklamak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çagyrýar. Hazar sebitindäki ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy babatda jikme-jik we ýokary derejede gatnaşyk etmek üçin «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklibi öňe sürdük. Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmeginiň ýurtlaryň ekologik abadançylygyna gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmekde we geljekde has netijeli ädimleri bilelikde ätmekde möhüm gural bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Hazar deňziniň güni mynasybetli geçirilýän maslahatlar, medeni we sport çäreleri sebitde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynanyşmagyň has-da berkidilmegine uly goşant goşar. Sizi Hazar deňziniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.