Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabadyň demirgazygyndaky Sport ulag merkezini göçürmek teklibini öňe sürdi

11.08.2024
Häzirki wagtda zähmet rugsadynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde ýaş türgenler üçin döredilen şertler, merkeziň ygtyýarynda bar bolan sport ulaglarynyň görnüşleri we olaryň tehniki aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri sport ulaglarynyň birini dolandyryp, onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi. Awtoulag türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dolandyrmagynda çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini amala aşyrdy hem-de driftingiň dürli usullaryny ulanyp, sport ulagyny dolandyrmakda Gahryman Arkadagyň ussatlygyny görkezdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Sport ulag merkeziniň ýolbaşçysy bilen söhbetdeş boldy hem-de merkeziň çäginde döredilen ugurdaş desgalar toplumynyň özboluşly şäherçä öwrülendigini belledi. Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, bu ýerde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýol gözegçiligi gullugyna degişli birnäçe desgalar döredildi, onuň golaýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hem-de gullukçylary üçin ýaşaýyş jaýlary guruldy. Şeýle hem bu ýerde medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen merkez hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadag ýaşaýyş toplumlarynyň ýanynda awtomobil sportuna degişli desgalaryň we önümçilik toplumlarynyň gurulmagynyň maksadalaýyk hasaplanylmaýandygyny, ýaryş geçirilende ýokary tizlikde hereket edýän batly sesli awtoulaglaryň raýatlaryň rahatlygyny bozmazlygyny, şeýle hem bu ugra höwesek ýaşlaryň sanynyň artýandygyny nazara alyp, merkezi göçürmek teklibini öňe sürdi. Merkeziň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderine bu maslahatynyň taryhy ähmiýetiniň bardygyny belledi hem-de merkeziň ähli işgärleriniň we gullukçylarynyň adyndan sagbolsun aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy täze toplumyň dörediljek ýeri kesgitlenilse, bu babatda öňe sürlen teklibi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ýetirjekdigini aýtdy we Sport ulag merkeziniň ýolbaşçysyna mundan beýläk-de uly ösüşleri, ýokary netijeleri gazanmak ugrundaky asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.