Sarahs etrabyna täze häkim bellenildi

07.08.2024

Ýazgulyýew Gurbanmyrat Jumamyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Begenç Durdymyradowiç Taýyrow bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün, 6-njy awgustda degişli Permanlara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.