«Türkmenawtoulaglary» agentligi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň birinji ýarymynda netijeli işleri durmuşa geçirdi. Munuň özi agentligiň Watanymyzyň sazlaşykly ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýandygyndan nyşandyr.
Şunlukda agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan ýylyň birinji ýarymynda 8 million 210 müň 700 tonna ýük daşalyp, umumy meýilnama 101,7% ýerine ýetirildi. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 239 müň 900 tonna artyk ýük daşalyp, 103% ösüşiň gazanylandygyny aňladýar. Çünki geçen ýylyň şol döwründe 7 million 970 müň 800 tonna barabar ýük daşalypdy.
Ýükleriň dolanyşygy 220 million 27 müň tonna/kilometr bolup, bu ugurda meýilnama 105,6% ýerine ýetirildi. Bu netije geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijisinden 6 million 322 müň tonna/kilometr artykdyr. Şeýlelikde, munuň özi 103% ösüşiň gazanylandygyny aýan edýär. Geçen ýylyň şol döwründe bu görkeziji 213 million 705 müň tonna/kilometr bolupdy.