Türkmenistan BAE-niň iň uly lukmançylyk kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär

04.08.2024
Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Serdarmammet Garajaýew BAE-däki «Burjeel Holdings» kompaniýasynyň halkara işewürligi ösdürmek boýunça menejeri jenap Asif Asgarow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň dürli mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyrlar. Şeýle hem geljekde Türkmenistana we kompaniýa peýdaly boljak taslamalary durmuşa geçirmäge niýetlerini mälim etdiler. Bu barada Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasynyň Metbugat gullugy habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, 1-nji awgustda bolan duşuşygyň dowamynda taraplar lukmançylyk syýahatçylygy, näsaglary bejermegiň, olara hyzmat etmegiň innowasion ugurlarynda we beýleki ugurlarda tejribe alyşmagy, şeýle-de lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça alyş-çalyş maksatnamalaryny döretmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty senagaty ministrligi bilen «Burjeel Holdings» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýamagy we aragatnaşyk kanallaryny döretmeklige aýratyn üns berildi. Duşuşykda iki tarap hem saglygy goraýyş pudagynda ösüşi we innowasiýalary güýçlendirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy berkitmeklige aýratyn üns berjekdilerini nygtadylar diýlip, habarda bellenilýär.