«OGT-2023» XXVIII Halkara maslahaty we sergisi öz işine başldy

25.10.2023

Şu gün Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» (OGT-2023) atly XXVIII Halkara maslahaty we sergisi öz işine başldy.

27-nji oktýabra çenli dowam etjek bu foruma 40-a golaý döwletden 400-den gowrak wekiliýet gatnaşýar. Şol sanda 70-den gowrak halkara energetika kompaniýalary sergide öz stendleri bilen tanyşdyrýarlar.

Forumyň çäklerinde guralýan halkara maslahatyň çäklerinde «Geljegiň global energiýasy», «Häzirki energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we geljegiň energetika ulgamlaryna maýa goýmak: Tebigy gaz we gazhimiýa», «Häzirki energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we geljegiň energetika ulgamlaryna maýa goýmak: Nebit we nebithimiýa», «Uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň ekologiki taraplary», «Täze energiýa çeşmeleriniň monetizasiýasyny we diwersifikasiýasyny çaltlaşdyrmak», «Energetika pudagynyň geçiş döwründe tehnologiki innowasiýalaryň we üstünlikli adam maýasynyň orny» ýaly temalar boýunça plenar mejlisler geçirilýär. Olarda Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň düzümleriniň hem-de halkara energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri çykyş edýärler.

Mundan başga-da, ertir — 26-njy oktýabrda sagat 14:00-da resminamalara gol çekmek dabarasy bolup geçer.

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda döwlet ministri «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowyň, «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Nazar Atajanowyň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» (OGT-2023) atly XXVIII Halkara maslahatynyň we sergisiniň jemleri boýunça metbugat brifingi geçiriler.

Häzirki wagtda sergi dowam edýär.