Lebap welaýatynda köpugurly senagat merkezi döredilýär

03.08.2024
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Lebap welaýatynda sebitiň baý çig mal binýadynyň ösmegine mümkinçilik berjek köpugurly senagat merkezi döredilýär. Gurluşyk materiallaryny öndürýän içerki kärhanalaryň alyp barýan işleri, ýurduň ähli künjeklerinde bolup geçýän iri gurluşyk taslamalarynyň çäginde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle kärhanalaryň biri hem, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän Köýtendag kän müdirligidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Gündogar sebitinde geljegi uly bolan baý çig mal goruny özleşdirmäge mümkinçilik berjek köpugurly senagat merkezi döredilýär. Bu taslamanyň amala aşyrylmagynda Köýtendag kän müdirligi hem aýratyn orna eýedir. Kärhanada gurluşyk işleri üçin wajyp ähmiýete eýe bolan gurluşyk çagyllary, ýuwlan çäge we çagyl-çäge garyndysy ýaly magdan däl gurluşyk materiallary öndürilýär. Önümçilige täze kuwwatly enjamlaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy we ýük awtoulaglarynyň sanynyň artdyrylmagy işleriň has-da ilerlemegine itergi berýär. Müdirlikde geçen ýyl gelip gowşan Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen XCMG ZL50GN kysymly ýük göterijileriň 3-si netijeli işledilýär. Bu tehnikalaryň ýük göterijiligi 5 tonna, susgujynyň göwrümi bolsa 3 kub metre barabardyr. Kärhanada kuwwatly tehnikalara, döwrebap tehnologik ulgamlara hünärmenler we işçiler tarapyndan ussatlyk bilen erk edilýär hem-de netijeli işledilýär. Ýylyň başyndan häzirki döwre çenli müdirlik tarapyndan magdan däl önümleriň 338 müň 503 kub metri öndürilip, bu baradaky meýilnama 102 göterime golaý ýerine ýetirildi. Bu bolsa kärhanada degişli döwür üçin ösüş depgininiň 105 göterime barabar bolandygyny aňladýar. Şeýle hem şu ýylyňbirinji ýarymynda çagyl daşynyň, ýagny, daş owuntygynyň 105 müň 984 kub metri, ýuwlup baýlaşdyrylan çägäniň 160 müň 41 kub metri, but daşlarynyň bolsa 72 müň 478 kub metri öndürildi. Kärhananyň taýýar önümleri sebitde we ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde alnyp barylýan gurluşyklara bada-bat ugradylýar. Bu bolsa müdirlikde taýýar önümleri ýerlemek boýunça hem netijeli işleriň alnyp barylýandygyna güwä geçýär.