Mihail Mişustin Demirgazyk Kawkazda demirýol infrastrukturasyny täzelemek meýilnamasyny işläp düzmegi tabşyrdy

02.08.2024

Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministr Mihail Mişustiniň Demirgazyk Kawkaz Federal okrugynyň sosial-ykdysady meseleler boýunça hökümet toparynyň agzalary bilen duşuşygyndan soň beren görkezmeleri syýahatçylyk pudagynyň ösüşi, okruglaryň iň uly şäher aglomerasiýalarynyň ulag aragatnaşygynyň wezipeleri, «Professionalizm» federal taslamasynyň çäginde bilim we önümçilik toparlaryny döretmegiň geljegi ýaly meseleleri özünde jemledi.

Duşuşykda ara alyp maslahatlaşylan esasy temalarynyň biri hem, Kawkazda myhmanhana ugrunyň ösüşi bilen bagly boldy. Mihail Mişustin hökümetiň sebitiň syýahatçylyk mümkinçiliklerini, şol sanda Kawkaz mineral suwlarynyň ornuny pugtalandyrmak hakynda aýtdy.

Bu iş Ykdysady ösüş ministrligi, Saglygy goraýyş ministrligi, şeýle hem Kabardino-Balkariýa, Garaçaý-Çerkez Respublikalarynyň we Stawropol sebitiniň ýolbaşçylary tarapyndan amala aşyrylar. Şeýlelikde, degişli taraplar 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabryna çenli Kawkaz mineral suwlary şypahana sebitiniň işleýşiniň kanuny kadalaşdyrylyşyny kämilleşdirmek, şol sanda dermanlyk tebigy baýlyklary goramak, sebitiň kanuny ýagdaýy, serhetleri we düzümi barada teklipleri hökümete bermeli bolarlar.

Demirgazyk Kawkazda syýahatçylygyň ösüşi ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmak meselelerini çözmezden mümkin däl. Demir ýol infrastrukturasynyň gurluşygy bu meselä uly kömek etmelidir. Mihail Mişustin Ulag, Ykdysady ösüş, Maliýe hem-de Gurluşyk ministrliklerine we Demirgazyk Kawkaz federal okrugyna girýän sebitleriň ýolbaşçylaryna «Russiýanyň demir ýollarynyň» gatnaşmagynda bu meseläniň üstünde işlemegi tabşyrdy. 2024-nji ýylyň 25-nji noýabryna çenli infrastruktura boýunça býudjet karzlaryny ulanmak ýaly degişli teklipler tabşyrylar.