Sankt-Peterburgyň häkimiýeti «Bronka» portunda täze deňiz terminalynyň gurluşygyna strategiki maýa goýum derejesini berdi, bu taslamany durmuşa geçirjek «Feniks» kompaniýasyny bolsa şäheriň strategiki maýa goýujy statusyna mynasyp hasapladylar. Bu barada Smolnynyň metbugat gullugy habar berdi.
Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň pikiriçe, bu status maýa goýuja artykmaçlyk berýär, kärende ýeňillikleri we arzan bahadan ýer satyn almak hukugyny hödürleýär. Galyberse-de, «Bronkanyň» kuwwatyny artdyrmak ýükleriň gerimini giňeltmäge we Sankt-Peterburgyň üstaşyr mümkinçiligini ýokarlandyrmaga şert döreder.
— Munuň özi strategiki taslama. Şeýlelikde, ol suw we demir ýol ulag desgalarynyň ösüşi bilen bir hatarda, ammar infrastrukturasy dörediler. Bu diňe bir Russiýa üçin däl, eýsem, beýleki döwletler üçin hem möhümdir. Olaryň arasynda dostlukly Belarus Respublikasy hem bar — diýip, Beglow belledi.