Şu ýylyň 9 aýynyň dowamynda Russiýanyň demir ýollary halkara derejesinde 415 million tonna dürli ýük daşady

23.10.2023

2023-nji ýylyň 9 aýynyň dowamynda Russiýanyň demir ýollary halkara derejesinde 415 million tonna dürli ýük daşady. Şolardan 325 million tonna Russiýanyň daşary ýurtlara eksportydygyny aýdylýar. Russiýanyň demir ýollarynyň baş müdiri Sergeý Pawlow Moskwada geçirilen «Made in Russia» forumynda çykyş edip, ol «Häzirki wagtda her üçünji demirýol awtoulagy halkara ulagdyr» -diýdi.

Şeýle-de Sergeý Pawlow 2023-nji ýyldaky esasy ösüşiň «dostlukly söwda» bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Hytaý, BAE, Türkiye, Hindistan we käbir sebitler çalt ösýär. Olar bilen aragatnaşykda ýük dolanyşygy 60% ýokarlandy.

Hindistan bilen ýük dolanyşygy 2,5 esse, Emirlikler bilen bolsa 5 esse ýokarlandy. 

Çaklamalaryna görä, şu ýylyň ahyryna çenli Gündogar aralygyndaky transport 173 million tonna ýeter. 2030-njy ýyla çenli bolsa 210 million tonna bolar. Bu ugurda demir ýol kuwwaty

Azow-Gara deňiz basseýniniň portlarynyň geçirijiligi 2030-njy ýyla çenli 152 million tonna barabar bolar.