Belarusyň üsti bilen Ýewropa konteýner gatnawy ýylyň birinji ýarymynda 66% ýokarlandy
01.08.2024
«ОТЛК ЕРА» halkara konteýner daşaýjysy Hytaý — Ýewropa — Hytaý ugrunda tiz hereket edýän otlularyň düzüminde konteýnerleriň daşalmagynyň ýylyň birinji ýarymynda 66% — 189,1 müň TEU (20 futlyk konteýner ekwiwalenti) artandygyny habar berdi. Elbetde, bu ýerde Gazagystanyň, Russiýanyň we Belarusyň üstünden geçýän ýük akymy barada aýdýarys. Iýun aýynda bu ugurdaky ulag hereketi 2023-nji ýylyň iýun aýyndakydan 11% ýokarlandy — 36,95 müň TEU. Bu barada «Russiýanyň demir ýollarynyň» metbugat gullugynyň maglumatlaryna salgylanýan «1520international.com» portaly habar berýär.
Hytaýyň serhedinden Ýewropa Bileleşiginiň serhedine harytlary eltmegiň tizligi heniz hem 5-7 gün, bu deňiz boýunça eltip bermekden 3-5 esse çalt. Gury ýer ugurlary arkaly eltmegiň möhüm artykmaçlygy onuň bahasy bilen baglydyr: deňiz hyzmatlarynyň bahasynyň ýarysy.
Häzirki wagtda «WCI Drewry» tarapyndan gündogar — günbatar ugry boýunça esasy sekiz ýüküň bahasynyň 40 futlyk konteýner (FEU) üçin 5806 dollara barabardygyny bellemek gerek. Hytaý — Ýewropa ugrunda Russiýanyň üsti bilen konteýner tranzitiniň bahasyny görkezýän «ERAI» birleşdirilen indeksi 3,289 $/FEU deňdir. Beýleki şertlerde eltmegiň wagtyna we howpsuzlygyna garanda, gury ýer ýolunyň peýdasy has uly bolmagynda galýar.