«Türkmenhowaýollary» agentligi ICAO bilen bilelikde sebit treningini geçirer

24.07.2024

Şu ýylyň 30-njy sentýabry — 18-nji oktýabry aralygynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde Halkara raýat awiasiýa guramasy (ICAO) bilen bilelikde guralýan «Uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça Döwlet inspektory – hünärmenlere şahadatnama bermek» okuw maksatnamasynyň çäginde nazaryýet okuwy geçiriler.

Nazaryýet okuwy awiasiýa hünärmenleriniň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek, ony ICAO-nyň standartlaryna we hödürlenilýän tejribelere laýyk getirmek maksady bilen geçirilýär. 

Bu okuwa  «Türkmenhowaýollary» agentliginden 7, şeýle hem sebitde gyzyklanma bildirýän taraplaryň, ýagny Gyrgyzystan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan we Azerbaýjan Respublikalarynyň raýat awiasiýasynyň çygryndaky ygtyýarly edaralardan 5 hünärmen gatnaşar. Olardan jemi 12 hünärmenden ybarat bolan okuw topary düzüler.

Bu okuwyň geçirilmegi «Türkmenhowaýollary» agentliginiň, şol sanda uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça daşary ýurtlaryň hünärmenlerini taýýarlamak we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek, howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiň halkara derejesine laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmek babatda uly mümkinçilikleri döreder.