«Awtomobil ulag hyzmaty» jemgyýetçilik awtobuslaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar

23.07.2024

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ tejribeli sürüjileri paýtagtymyz Aşgabadyň çäginde jemgyýetçilik awtobuslaryny dolandyrmak üçin işe çagyrýar. Işlemäge isleg bildirýänleriň «D» derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň (8 hem-de şondan köp adamlyk ýolagçy ulaglaryny dolandyrmak üçin) bolmagy hökmandyr. Sürüjiler bu ýerde «Hyundai» we «Toyota» kysymly jemgyýetçilik awtobuslaryny dolandyrmaly bolarlar.

Dalaşgärler bilen gürrüňdeşlikler Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 424-nji jaýynda geçiriler.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-35-52 ýa-da 44-33-49.