«Ýüpek ýoly 2023»: Ikinji tapgyryň netijeleri

09.07.2023

«Ýüpek ýoly 2023» rallisiniň ikinji tapgyry Ural derýasynyň boýy bilen Ýewropanyň hem Aziýanyň serhedinden ýol saldy. Ýeňiş ugrunda dowam edýän ýiti göreşiň ekipažlara tebigatyň haýwanat we ösümlik dünýäsine diýseň baý bolan bu künjeginiň gözelliklerinden lezzet almaga mümkinçilik bermändigini ynamly aýdyp bolar.

Abraýly ýaryşyň ikinji tapgyrynda pellehana birinji bolup gelmek «Podmoskowýe» toparyndan Anton Melnikowa miýesser etdi. Şeýlelikde, ol häzirlikde T2 ýaryşynyň umumy netijesi boýunça hem öňe geçdi. Onuň esasy bäsdeşi bolsa Melnikowdan bary-ýogy 6 minutdan gowrak çemesi yza galan «RUS» toparynyň wekili Leonid Petrow boldy.

Halkara ýaryş bilen bilelikde bu ýerde Russiýanyň çempionaty hem dowam edýär. Türkmen ekipažlary şol ýaryşda hem ynamly çykyş edýärler. Häzirki wagtda hormat münberine çykmaga ýakyn hasaplanýan Andreý Dinaburgyň hem-de Iwan Paristynyň Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekili Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy bilen deň ýagdaýda barýandygy türkmen türgenleriniň mümkinçilikleriniň uludygyny görkezýär.