Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Müsür Arap Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hijri-kamary hasaby boýunça täze — 1446-njy ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Bu mübärek günlerde Beýik Biribardan ähli musulman ymmatyna parahatçylyk, abadançylyk dileýärin. Şeýle hem täze ýylyň biziň halklarymyz üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirýärin.
Hormatly jenap Prezident!
Size we dünýäniň ähli musulmanlaryna bereketli täze ýyly arzuw edýärin. Beýik Biribardan biziň dostlukly halklarymyza mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk dileýärin.
Size hormat goýmak hem-de hoşallyk bilen,
Abdel Fattah Al-Sisi,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.