Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi: Ýylyň birinji ýarymynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlendi

13.07.2024
12-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Hökümet mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Ol 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew hasabat döwründe Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedowyň hasabaty şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada boldy. Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek we ulgama döwrebap usullary girizmek bilen, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da aýtdy. Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2024-nji ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz biziň alyp barýan syýasatymyz bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynyň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda we dokma toplumynyň ministrliklerinde, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, başga işe geçmegi sebäpli, R.Rejepowy Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesinden boşatdy we bu wezipä N.Orazgeldiýewi belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz O.Işangulyýewany, pensiýa gitmegi sebäpli, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesinden boşatdy we bu wezipä Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinde işleýän A.Durdyýewany belledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, saglyk ýagdaýy sebäpli, A.Aşyrowy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu wezipä «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinde işlän M.Rejepow bellenildi. «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine S.Begenjow bellenildi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ş.Purmämmedowy «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu teleradioýaýlymyň başlygy wezipesine Ý.Kasymow bellenildi. Döwlet Baştutanymyz wezipä täze bellenen ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň birinji ýarymynda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, N.Amannepesowy, başga has jogapkärli işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Bellenilişi ýaly, N.Amannepesow saglygy goraýyş ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesini täze gurulýan halkara merkezlerde netijeli ulanar. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary wezipesine B.Orazdurdyýewany belläp, ony bilim ministri wezipesinden boşatdy. Bilim ministri wezipesine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesinde işlän J.Gurbangeldiýew bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesine G.Ýusupowany belläp, ony şu ýokary okuw mekdebiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşatdy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesine O.Öwezsähedow bellenildi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, P.Orazowy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatdy. Şu institutyň rektory wezipesine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň prorektory wezipesinde işleýän B.Mämmedow bellenildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda 2024-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda; ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda; 2024-2025-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekip, okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi. Soňra wise-premýeriň we bu ulgamyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Soňra ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldawlaryndan ruhlanan welaýatlaryňyň babadaýhanlary şu ýyl Watan harmanyna bugdaý hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Häzirki wagtda ýygnalan hasyly galla kärhanalaryna daşamak, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Sebitleriňiň ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak, şol önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk işleri dowam edýär. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol hasabatyny ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habardan başlady. Wise-premýer oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek babatda berýän uly goldawy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda gallanyň bol hasylynyň ýygnalandygyny, gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ýokary hilli bugdaý tabşyryp, guwandyryjy netijeleri gazanandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň birinji ýarymynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli işler geçirildi. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 10-sy, şol sanda «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda», «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda», «Gidrometeorologiýa işi hakynda», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, dürli ulgamlarda gatnaşyklary kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň birnäçesi döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Häzirki wagtda iş toparlarynda halkara tejribeden ugur alyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine hem-de bedenterbiýe we sport, sportda dopinge garşy göreşmek, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, tohumçylyk işi bilen baglanyşykly birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam etdirilýär. 13-nji iýulda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk», 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynda Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglary boýunça saýlawlaryň geçirilendigi barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 9-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Ýylyň başyndan bäri Mejlisde daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 26-sy geçirildi. Mejlisiň deputatlarydyr hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 64-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 23-si guraldy. Şeýle hem deputatlaryň döwlet syýasatyny, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, wagyz etmek boýunça degişli işleri alyp barýandyklary barada aýdyldy. Soňra döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, oba hojalyk pudagynda 5,8 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda bolsa 9,3 göterime deň boldy. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi. Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 454 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, beýleki desgalaryň gurluşyklary meýilnama esasynda alnyp barylýar. Nygtalyşy ýaly, geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösdürildi. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler alnyp baryldy, köp sanly täze senagat desgalary gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilýändigi nygtaldy. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz geljekki meýilnamalara ünsi çekip, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara hem-de milli derejedäki çäreleriň meýilleşdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyna üns çekildi. Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem geçiriler. Bu ýerde oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berildi. Olaryň, hemişe bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Arçmanda» we «Ýyly suwda» ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp biljekdigi aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.