«Awtomobil ulag hyzmaty» jemgyýetçilik awtobuslaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar

11.07.2024

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ tejribeli sürüjileri paýtagtymyz Aşgabadyň çäginde jemgyýetçilik awtobuslaryny dolandyrmak üçin işe çagyrýar. Işlemäge isleg bildirýänleriň «D» derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň (8 hem-de şondan köp adamlyk ýolagçy ulaglaryny dolandyrmak üçin) bolmagy hökmandyr. Sürüjiler bu ýerde «Hyundai» we «Toyota» kysymly jemgyýetçilik awtobuslaryny dolandyrmaly bolarlar.

Dalaşgärler bu mesele boýunça ýüz tutmak üçin Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 422-nji jaýyna (Halkara ýolagçy awtomenzili) gelip bilerler.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-35-38 ýa-da 44-35-20.