Russiýa deňiz ulaglarynyň resminama dolanşygy boýunça täze platformasyny döretdi

10.10.2023

Russiýa Federasiýasy deňiz transportyny çaltlaşdyrýan we eksportçylar üçin çykdajylary azaldýan deňiz logistikasynda netijeli resminama akymy üçin täze platforma döretdi. «E-wneştrans» diýlip atlandyrylýan bu innowasiýa ulgamy, Milli Tehnologiýa başlangyjynyň bir bölegi bolan Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan döredildi.

«E-wneştrans» daşalýan harytlar barada maglumat alyşmak, logistikany gijikdirmezlik we päsgelçiliklerde duýduryş bermek ýaly iş prosesini ýerine ýetirýär. Täze tehnologiýanyň mümkinçilikleri hemmäni haýran galdyrýar: adatça 4-5 günüň dowamynda ýerine ýetirilýän ýük resminamalaryny ýollamak bary-ýogy 1-3 sagat wagty alar. Bu bolsa eksportçylaryň amallaryny ep-esli aňsatlaşdyryp, şol bir wagtda, tizleşdirip biljekdigini aňladýar. Munuň özi çykdajylary azaldar we deňiz transportynyň netijeliligini ýokarlandyrar.