Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
07.07.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy Gahryman Arkadagymyzyň beýik akyldaryň döredijiligine goýýan belent sarpasynyň nyşanyna öwrüldi. Bu hakykat türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýadygärligiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýdyň beýanyny tapdy:
Hormatly Maulen Sagathanuly!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, doganym Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe, Gazagystanyň ähli halkyna türkmen wekiliýetine bildirilen dostluk we goňşy ýurda gelmäge iberen çakylygy hem-de myhmansöýerligi üçin öz minnetdarlygymy bildirýärin.
Hakykatdan-da, gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan türkmen-gazak dostlugy häzirki wagtda has-da berkeýär. Islendik döwürde-de türkmen we gazak halklary iň ýakyn goňşy bolmak bilen, birek-birege uly hormat-sarpa goýýan, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan, özara düşünişmek däplerine eýerýän doganlyk halklardyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy dost-doganlygymyzyň ebedidigini hem-de mizemezdigini görkezýär.
Beýik akyldaryň heýkeliniň açylmagy bilen türkmen we gazak halklaryny, ýazyjy-şahyrlary, çeper söze hormat goýýan ähli adamlary tüýs ýürekden gutlaýaryn. Magtymguly atamyzyň goşgularynda dostlugyň wasp edilişi ýaly, biz bir supranyň başynda, ýakynlygymyz hem ýürekdeşligimiz bilen, «Agzybire Taňry biýr» diýen ajaýyp pähimimizden ugur alyp, beýik işleriň başyny başlaýarys.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly döredijilik işgärleri!
Biz Türkmenistanda 2024-nji ýyly söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdik. Golaýda biz Aşgabadyň ajaýyp künjeginde, gojaman Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we şahyryň ýadygärliginiň, şeýle-de dünýäniň onlarça ýurdunyň görnükli şahsyýetleriniň heýkelleriniň açylyş dabarasyny geçirdik.
Hormatly adamlar!
Türkmen we gazak halklaryny köpasyrlyk taryhy ýakynlyk baglanyşdyrýar. Döredijilikde uly yz goýan şahsyýetleriň biri, kompozitor, dombra saz guralynda gazak halkynyň milli aýdymlaryny ýerine ýetiren ozan Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda oturdylmagy medeni gatnaşyklarymyzyň taryhyň gatlaryna uzap gidýän kökleriniň bardygyny görkezýär. Geljekde Aşgabatda görnükli gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň hem heýkelini oturtmagy göz öňünde tutýarys. Ine, görşüňiz ýaly, munuň özi hemme döwürlerde ysnyşykly, ýakyn gatnaşyklary saklamakda medeniýetiň, sazyň, şygryň, umuman, döredijiligiň uly ornunyň bardygynyň aýdyň güwäsidir. Ýakynda Astana şäherinde ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Medeniýet günleri hem iki döwletiň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde özboluşly waka öwrüldi.
Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ynsan kalbynda döreýän ajaýyp duýgular, agzybirlige çagyryşlar öz aýdyň beýanyny tapypdyr. Ol diňe türkmen halkynyň edebiýatynyň däl-de, eýsem, türki dilli edebiýatyň hem baýlaşmagyna uly goşant goşan şahsyýetdir. Beýik akyldaryň geljek nesillere galdyran baý edebi mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi. Häzirki döwürde-de gazagystanly terjimeçilerdir şahyrlaryň Magtymguly Pyragynyň goşgularyny gazak diline terjime edip, okyjylara ýetirýändiklerini, şeýle-de Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik işgärleriniň gazak kärdeşleri bilen bilelikde Gazagystanyň dürli sebitlerinde Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Ismim düşdi ilden-ile» atly dokumental filmi surata düşürendiklerini aýratyn buýsanç bilen bellemek isleýärin.
Biz Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenmekde, wagyz etmekde bitirýän hyzmatlary üçin gazagystanly edebiýatçy alymlara, ýazyjy-şahyrlara we sungat ussatlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris.
Hormatly Maulen Sagathanuly!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Pursatdan peýdalanyp, siziň ähliňizi Astanada Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek gutlap, Gazagystanyň hormatly Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiçe we gazak halkyna Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin. Bu heýkeliň açylmagy iki halkyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanýandygynyň, birek-birege hormat goýlup, ata-babalarymyzyň gymmatly wesýetleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Goý, türkmen-gazak dostlugy baky ýaşasyn!