Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

06.07.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda raýat-hukuk gatnaşyklaryny ösdürmek, döwletimiziň býujet ulgamynyň işini we dolandyrylyşyny döwrebaplaşdyrmak, Pensiýa gaznasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işlerini has-da kämilleşdirmek, maýyplygy bolan adamlaryň dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaklaryny düzgünleşdirmek, ýaş alymlaryň ylmy işler bilen meşgullanmagy üçin has giň mümkinçilikleri döretmek, ýurdumyzda sport ulgamynda amala aşyrylýan işleri Bütindünýä dopinge garşy göreş agentliginiň kodeksine laýyk getirmek, adwokatura we adwokatlyk işi, raýat ýagdaýynyň namalary, tohumçylyk işi bilen bagly kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan gaz üpjünçilik ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hasabatynda oba hojalyk toplumynda işleriň ýagdaýy, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada aýdyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew goňşy döwletler bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa geljek ýylda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowyň hasabatynda Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy barada beýan edildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Gündogar Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi we ugurda degişli teklipleri hödürledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty esasynda dünýä ýurtlary, şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň zerur ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça zerur işleri geçirmegi dowam etdirmek tabşyryldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gämigurluşyk hem-de gämi abatlaýyş işlerini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.