29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden mähirli gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň strategik häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak boýunça edýän tagallalaryny aýratyn belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň bu şanly waka mynasybetli iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de W.Matwiýenkonyň iki dostlukly ýurduň arasynda özara düşünişmek hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ilerledilmegine goşýan şahsy goşandyny belledi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy we bu hyzmatdaşlyk ýylsaýyn täze ugurlary öz içine alýar.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolan parlamentara gatnaşyklarynyň möhüm orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, sebitde parlamentara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmeginde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň ähmiýetine üns çekildi.
Şunuň bilen birlikde, söwda-ykdysady gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär. Soňky ýyllarda özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.
Medeni-ynsanperwer ulgamy döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko iki dostlukly ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.