Hytaýdan awtoulag arkaly ýük daşamagyň artykmaçlygy nämede?

01.07.2024

Ýakynda Hytaýda ýük daşamak üçin konteýner ýetmezçiligi bellige alyndy. Bu harytlary demir ýol we deňiz arkaly daşamagy kynlaşdyrýar.

«Asia Import Group» şu mesele bilen baglylykda, Hytaýyň demir ýol menzillerinden Moskwa we Ýekaterinburg şäherine barýan otlularyň gijikmeginiň iki-üç hepdä çenli bolup biljekdigini habar beripdi.

Mundan başga-da, konteýnerleriň ýetmezçiligi demir ýol we deňiz arkaly haryt daşamak üçin çykdajylary ýokarlandyrdy.

Hakykatdan hem, şeýle ýagdaýda Hytaýdan ýol ulaglaryna üns bermegiň möhüm manysy bar. Harytlary awtoulag bilen daşamagyň bahasy suw ugurlary we demir ýol bilen ýollamakda bolşy ýaly, has çalt ýokarlanmaýar. Muňa garamazdan, deňiz we demir ýol gatnawlary bilen durnuksyz ýagdaýyň çaginde olara bolan islegiň artmagy sebäpli, şeýle ulag üçin nyrhlaryň artyp başlamak ähtimallarygy bar.

Ýeri gelende aýtsak, harytlary awtoulag bilen daşamagyň möhleti kän bir tapawut etmeýär. Munuň özi başlangyç we ahyrky nokatlara, şeýle hem toparlaýyn ýükleriň ýollanylmagyna ýa-da iberilmezligine baglylykda, 10 günden 25 güne çenli bolup biler.