Hindistan «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesine uly ähmiýet berýär

30.06.2024
Russiýanyň kömür ýükli ilkinji iki otlusynyň «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça Merkezi Aziýanyň we Eýranyň çäginden Hindistana iberilmegi Günorta Aziýanyň Respublikasy üçin strategiki ähmiýete eýe bolan bu ugurda täze tapgyryň başlangyjydyr. Bu barada «The Economics Times» tarapyndan hödürlenen «Russiýadan otly: Täze ugur Hindistandaky ýagdaýy nädip üýtgedip biler» atly makalada habar berildi. Sues kanalynyň üsti bilen söwda ýolunyň ornuny tutup biljek halkara ulag geçelgesiniň Hindistan üçin diňe Merkezi Aziýa döwletlerine däl, eýsem, Eýrana, Russiýa, Azerbaýjana, Baltika ýurtlaryna we Ýewropa netijeli hem ýeňil ýoly açjakdygy hem şol neşirde aýdylýar. Şunuň bilen baglylykda, Sankt-Peterburgdan Mumbaýa çenli uzaýan halkara ulag geçelgesi «Hindistan üçin diýseň zerur bolan iň möhüm geostrategiki gural bolup biler». «The Economic Times» gazetiniň habaryna görä, «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ösüşi hindi söwdasy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda bu ýoluň ykdysady we strategiki orny ýokarlandy.