«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri Pattaýýada geçen awtonom gämiçilik ulgamynyň maslahatyna gatnaşdylar
28.06.2024
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri Tailand Patyşalygynyň Pattaýýa şäherinde geçirilen Aziýa we Ýuwaş Umman sebitinde awtonom gämiçilik bilermеneler toparynyň maslahatyna gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar awtonom gämiçilik pudagynyň ösmeginde ýüze çykýan meselelere seredip, bu babatda tejribeleri alyşdylar. Çärä gatnaşyjylar dürli ýurtlaryň wekillerini halkara konwensiýalaryň talaplaryny ýerine ýetirmekde, gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almakda bitiren işleri hem-de tejribeleri bilen tanyşdyrdylar.
Maslahatyň dowamynda gämi gurluşygynda täze awtonom tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly olaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi. Maslahata gatnaşyjylar awtonom gämi gatnawyny ösdürmek üçin sebitleýin taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem, Pattaýýa portlarynyň işi bilen tanyşdylar.
Saparyň dowamynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri dürli port terminallaryndaky tanyşdyryş çärelerine we «Laem Chabang» portunda guralan söhbetdeşliklere gatnaşdylar.