Russiýadan Saud Arabystanyna iberilen tranzit konteýner otlusy Bender Abbasa geldi

05.10.2023

Russiýadan Saud Arabystanyna tranzit konteýner otlusy üç ýarym günüň içinde, 31 sany konteýnerli otly, Eýranyň demir ýol menziliniň ugry boýunça 1610 kilometr ýol geçip, Serahslardan Bender Abbas portuna geldi. Bu barada «IRNA» gullugy habar berdi.

Awgust aýynda Russiýadan ilkinji konteýner otlynyň Eýranyň üstünden tranzit bilen Saud Arabystanyna ugradylandygyny bellemelidiris. 36 konteýnerli otly Türkmenistanyň çäginden, türkmen-eýran serhetinden — Inçe-Borundan geçdi. Täze konteýner gatnaw hyzmatynyň işe girizilmegi Halkara «INSTC» transport koridorynyň çäklerinde amala aşyryldy.