«Ýüpek ýoly – 2023» rallisine gatnaşyjy ekipažlar ilkinji ýaryş gününde ýörite bellenen bölegi külterlediler. Ajaýyp kölüň golaýyndan badalga alan bu tapgyr ýaryşa gatnaşyjylara Tatarystan Respublikasynyň çäginden uzan ýoluň haýrana goýýan peýzažyny sowgat etdi.
Tapgyryň 142 kilometrlik menzili ekipažlar üçin ýeňil bolmadyk synaga öwrüldi. Ýokary tizlikde geçilmeli ýol, duzaklardyr öňünden bellenen kynçylykly menziller tapgyryň agyr bölekleriniň az däldigini görkezdi. Şeýle ýagdaýlar ekipažlaryň birnäçesinde dürli meseleleriň we kynçylyklaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy.
Ildeşlerimiziň gatnaşýan bäsleşiginde — T2 ýaryşynda ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglaryň ekipažlarynyň 20-ä golaýy çykyş edýär. Şu derejedäki ýaryşda «LADA Sport ROSNEFT Raid» toparynyň sürüjisi Dmitriý Woronow hemmelerden öňe saýlanmagyň hötdesinden geldi. Ýeri gelende ýatlasak, D.Woronow geçen ýyl hem türkmen ekipažlarynyň esasy bäsdeşi bolupdy.
Rus türgeni birinji tapgyryň jemlenmegine 400 metr galanda ulagynyň tigiriniň deşilendigini gürrüň berdi. Muňa garamazdan, onuň şturmany Ýewgeniý Zagorodnýugyň netijeli işi ekipažyň iň golaý garşydaşdan — Anton Melnikow bilen Ýewgeniý Suhowenkodan arany açmagyny şertlendirdi. Şondan soňky orny Leonid Petrow eýeledi. Birinji tapgyrda pellehana dördünji we bäşinji bolup gelmek türkmen ekipažlaryna miýesser etdi. Maksatmyrat Daňatarowyň dolandyran ulagy bäşinji, Merdan Toýlyýewiň ýolbaşçylygyndaky ekipaž bolsa altynjy geldi.
Ýaryşyň şu gün guraljak ikinji tapgyry Ufa — Magnitagorsk ýol ugry boýunça geçer. Tapgyr Ural dagynyň eteginden badalga alar. Soňra ekipažlara tehnikanyň ähli güýjüni ulanyp, ýokary tizlikde geçilmeli ýol — Aziýanyň çäginden uzaýan ugur garaşýar. Bu ýerde şturmanyň diýseň ünsli bolmagy maslahat berilýär. Çünki bu ugurda ekipažlar çeşmelerdir derýalar bilen ýüzbe-ýüz bolarlar.