Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň milli goranmak ministrini kabul etdi
27.06.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar hem-de ýurduň daşary-söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Şeýle hem merdana türkmen Watan goragçylary hünärlerini kämilleşdirmek we harby işiň öňdebaryjy usullaryny öwrenmek boýunça Türkiýe Respublikasynda geçirilýän okuwlara gatnaşýarlar. Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda-da yzygiderli tejribe alşylýar.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.