«Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty
26.06.2024
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşen kompaniýalar, şol sanda «HK Associates», «AMEA Power», «Arabian Falcon Holding», «ADIO» we beýleki kompaniýalar bar.
Mälim bolşy ýaly, 21-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini, bu ugurda geçirilýän sergileriň we işewürlik maslahatlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam edýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şu günki çäre hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky söwda-ykdysady, maýa goýum we işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Forumyň gün tertibine ykdysadyýet, maýa goýum, senagat pudaklarynda we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri girizildi.
Häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda ykdysady taýdan kuwwatly we okgunly ösýän döwletleriň biri hökmünde ykrar edilen Birleşen Arap Emirlikleri bilen köpugurly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki, ilkinji nobatda, iri we abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitet, şeýle-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň federasiýasynyň arasyndaky Işewürlik geňeşi netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär.
Çykyş edenler ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmek arkaly netijeli dialoga açykdygyny bellediler. Ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum şertleri we işewürligi alyp barmagyň amatly guramaçylyk-hukuk mehanizmi geljegi uly türkmen bazarynda işlemek üçin köp sanly daşary ýurtly hyzmatdaşlary, şol sanda BAE-niň işewür toparlaryny çekmäge ýardam edýär. Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ykdysady hyzmatdaşlygyň hereketlendiriji güýjüne öwrülip biljek we maýa goýumlary çekmek, garyşyk önümçilikleri döretmek, häzirki zaman infrastruktura ulgamyny emele getirmek, bank-maliýe ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjak bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi hem öz içine alýar.
BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň forumda eden çykyşlarynda Emirlikleriň iri kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy.
Açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen işewürler maslahatynda ykdysadyýetiň we maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi hem-de bilelikdäki işiň anyk meýilnamalary kesgitlenildi.
Ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda döredilen döwrebap infrastruktura, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, täze awtoulag ýollary we howa menzilleri bu ugurda gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ulag ulgamlary boýunça giň gerimli taslamalaryň işlenip düzülýändigi we bu ugurda uly tejribesi bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda BAE-niň belli kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynda özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bu ugurda uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan tebigy gazy eksport edýän döwletleriň biridir. Gazhimiýa senagaty hem ösýär, bu pudagyň öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri dünýä bazarlarynda ýerlenilýär. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýerlikli ulanmak ara alyp maslahatlaşmalaryň möhüm ugurlarynyň biri boldy. Ägirt uly nebitgaz gorlaryna eýe bolan Türkmenistan «ýaşyl» energetikany yzygiderli ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, ekologik taýdan arassa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, esasan-da, Gün we ýel energiýalaryny netijeli peýdalanmak babatda özara hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Oba hojalygy, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, öňdebaryjy tehnologiýalar, gurluşyk, saglygy goraýyş, ekologiýa hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezildi. BAE-niň işewür toparlarynyň Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge we tutuş türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaklyga uly gyzyklanma bildirýändikleri nygtaldy.
Kuwwatly işewürlik düzümi hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi milli ykdysadyýetiň köp sanly möhüm pudaklarynda iş alyp barýar. Häzirki wagtda bu birleşmä BAE-niň işewürler bileleşigi bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, göni gatnaşyklary ýola goýmagyň işewürlik binýatlaryny döretmekde aýratyn umyt baglanýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen telekeçileriniň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga, kärdeşleri bilen dialogy giňeltmäge, olaryň üstünlikli tejribesini ulanmaga, häzirki zaman iş dolandyryş usullaryny we çözgütlerini ornaşdyrmaga taýýardygy bellenildi. Iki ýurduň haryt öndürijileriniň we hyzmatlary ýerine ýetirijileriniň bilelikdäki sergilerini geçirmek, bilelikdäki işewürler maslahatlaryny guramagy yzygiderli esasda ýola goýmak bu işiň möhüm bölegi bolup durýar.
Netijeli häsiýetde geçen forumyň çäklerinde iki ýurduň telekeçileriniň arasynda tejribe alyşmak hem-de ýakyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen duşuşyklar guraldy.
Forumyň ahyrynda şu gezekki çäräniň Türkmenistanyň hem-de BAE-niň işewür toparlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi.