Ýewropa Bileleşiginiň ulag ministrleri uzyn ýük awtoulaglary baradaky ylalaşygy oňlamadylar

23.06.2024
Ýewropa Bileleşiginiň Ulag ministrleriniň geňeşiniň Lýuksemburgdaky ýygnagy howany goramakda ähmiýetli boljak, şeýle hem ýol ýük ulaglarynda logistika we ulag tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrjak täze taslamanyň başlanmagyna ýol bermedi. Bu barada «verkehrsrundschau.de» portalynyň maglumatlaryna salgylanýan «Логист.Today» habar berdi. 18-nji iýunda Ýewropa Bileleşiginiň ministrleri ýük awtoulaglarynyň ölçegleri we agramy baradaky meselede doly ylalaşyp bilmediler. Germaniýanyň awtoulaglardaky gatnawlar, logistika we gaýtadan işlemek assosiasiýasynyň (BGL) maglumatlarynda aýdylyşy ýaly, munuň özi howanyň goralmagyna we ulag serişdeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ep-esli goşant goşup biler. «BGL» Ýewropa Bileleşiginiň ulag ministrlerini ýük göterijiligini ýitirmän alternatiw hereketlendiriji ulgamlaryň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin grafik boýunça çalt strategiýany işläp düzmäge çagyrýar. Mundan başga-da, «BGL» çalt depginde durmuşa geçirilýän «CO2» tygşytlaýyş mümkinçiliginiň takyk ýük awtoulagynyň uzynlygynyň takmynan on göterim ýokarlanmagy ýaly, goşmaça infrastruktura çykdajylary bolmazdan, uzak möhletleýin ulanylyp bilinmejekdigini goşdy.