Hytaýdan konteýnerlerde ýük daşamagyň wagty we nyrhlary 1,5-2 esse ýokarlandy
22.06.2024
Mart-aprel aýlarynda Hytaýdan importyň azalmagy bilen, maý aýynda konteýner ýetmezçiligi meselesini has-da kynlaşdyrýan goşmaça ýük islegi ýüze çykdy. Iýun aýynda gämide boş konteýner we boş ýer üçin garaşmagyň ortaça möhleti iki hepdä çenli artdy we saýlanan ulag ugruna baglylykda ýük daşamagyň wagty 36 – 50% ýokarlandy.
«Piter.tv» tarapyndan habar berlişi ýaly, şu aýyň başyndan Hytaýdan deňiz + demir ýoly arkaly harytlary ibermegiň ortaça wagty maý bilen deňeşdirilende 55–60 güne, göni demirýol gatnawy bolsa 30 gün çenli artdy (iki esse).
Hünärmenler bu hadysanyň esasy sebäbiniň harytlaryň daşalmagyna bolan islegiň ýokarlanmagy we erkin mümkinçilikleriň bolmazlygy bilen baglydygyny aýdýarlar. Gyzyl deňizdäki ýagdaý we Russiýadan konteýner eksportynyň möçberiniň kemelmegi sebäpli Hytaýda ýük üçin niýetlenen konteýnerler azlyk edýär.
Iýun aýynyň başynda islegiň ýokarlanmagyna jogap hökmünde Hytaýdan Russiýa deňiz gatnawynyň ortaça bahasy 30 %-den gowrak, demir ýol gatnawy üçin nyrhlar 40 % ýokarlandy.