Ýewraziýanyň Ykdysady Bileleşigi ýük ulaglary üçin rugsat edilýän agramlary, ýükleri we gabara ölçeglerini utgaşdyrar

21.06.2024
Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝYB) ýurtlary Ýewraziýa ulag geçelgelerine girýän ÝYB döwletleriniň ýollarynda ulag dolandyrylanda rugsat berilýän agramlary, ýükleriň möçberini we ulaglaryň gabara ölçegleri baradaky Ylalaşygyň taslamasynyň içki nusgasyny tassyklamak işlerini tamamladylar. «Ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň ösmegine we ÝYB-nyň tranzit mümkinçiliginiň ýokarlanmagyna möhüm itergi berer» — diýip, Ýewroziýa ykdysady komissiýasynyň infrastruktura we energetike boýunça wekili Arzybek Kožoşew belleýär. Bileleşigiň dürli ýurtlarynda ulaglaryň agramyna we gabara ölçeglerine bolan talaplaryň arasyndaky tapawut ÝYB-nyň içerki bazaryndaky çäklendirmeleriň sanawyna girizildi. Ylalaşygyň kabul edilmegi ýüze çykyp biljek päsgelçilikleri aradan aýrar. Resminamanyň taslamasynda taraplaryň Ýewraziýanyň ulag geçelgelerine girýän ýollaryň Ylalaşykda kesgitlenen agramlara, ýüklere we gabara ölçeglerine doly laýyk gelmegini üpjün etmek üçin çäreleri görmek baradaky şertnamalar bellenýär.