Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

16.06.2024
Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar! Sizi musulman dünýäsiniň mukaddes baýramlarynyň biri bolan mübärek Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadymy döwürlerden bäri ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň hem-de ruhy päkligiň dabaralanmasyny alamatlandyrýan bu baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösýän eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bereket getirsin, bagtyýar durmuşymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrsyn! Türkmen halky müňýyllyklardan bäri tämiz we aýdyň ýörelgelere eýerip gelýän, dünýä, ýaşaýyş, ynsan, dostluk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, döwletlilik baradaky garaýyşlaryny, ynançdyr adatlaryny, däp-dessurlaryny kämil derejä ýetiren halklaryň biridir. Ynsanyýetiň iň gözel, iň ajaýyp häsiýetlerini özünde jemlän merdana pederlerimiziň adamkärçilik, açykgöwünlilik, birek-birege hormat-sarpa goýmak ýaly ýörelgeleriň kämilleşmeginde, aýratyn-da, Gurban baýramynyň ruhy-ahlak taýdan bitewülige we tämizlige, belent ynsanperwerlige çagyrýan mukaddes baýramlaryň birine öwrülmeginde uly hyzmatlary bardyr. Garaşsyz ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki mertebesiniň gün-günden beýgelýän, şan-şöhratynyň has-da artýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddes baýram ýokary jebislikde, agzybirlikde garşy alynýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem gurbanlyk döwlet derejesinde üç günüň dowamynda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň baýramçylyk meýdançalarynda, medeni-dynç alyş merkezlerinde, ähli şäherlerimizdir obalarymyzda baý öwüşgindäki aýdym-sazly, medeni-jemgyýetçilik çäreleri ýaýbaňlandyrylyp bellenilýär. Her maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, baýramçylyk tagamlary hödürlenip, Garaşsyz Watanymyzyň abadançylygynyň, külli adamzadyň bagtyýar hem-de parahat durmuşynyň hatyrasyna ýagşy dilegler edilýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyzdan ugur alyp, biz ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdynlygy we ruhy kämilligi ugrunda yzygiderli alada edýäris. Jemgyýetimiziň ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine laýyklykda kämilleşmegine, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda ösmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Watandaşlarymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmekleri, parz ýörelgeleri berjaý etmekleri üçin ähli şertleri döredýäris. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän ýylynda hem Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň wekillerinden ybarat uly topary haj parzyny berjaý etmek üçin zyýarata iberdik. Eziz watandaşlar! Biziň özboluşly, gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarymyz Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň döremegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berýän altyn hazynalardyr. Ýer ýüzünde millet hökmünde tanalmagymyzyň we hormatlanmagymyzyň esasydyr, bakylyk mertebämizdir. Şoňa görä-de, milli ýörelgelerimizi, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan tejribelerimizi ileri tutup, jemgyýetimizi ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri esasynda has-da kämilleşdirýäris, il-günümize çäksiz söýgimiz, agzybirligimiz, tutanýerli zähmetimiz bilen şanly ösüşleri gazanyp, eziz Watanymyzy has-da şöhratlandyrýarys. Kabul eden maksatnamalarymyzy, özgertmelerimizi hem-de geljegi uly taslamalarymyzy üstünlikli amala aşyryp, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň ýoly bilen ynamly öňe barýarys. Biz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerimize, türkmen halkynyň beýik ogly hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň: «Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz,//Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat» diýen pähimine eýerip, dünýä halklary we ýurtlary bilen dost-doganlyk ýollaryny gurýarys. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa hem-de Amerika ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrýarys. Bularyň ählisi mähriban halkymyzy, Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde, Bitarap döwletimiziň dünýädäki ornuny pugtalandyrmakda täze belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Eziz watandaşlar! Hormatly adamlar! Sizi mukaddes Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny arzuw edýärin. Mübärek Gurban baýramy günlerinde beren gurbanlyk sadakalaryňyz, eziz Watanymyzyň bagtyýarlygy, il-günümiziň abadançylygy üçin eden doga-dilegleriňiz, iň gowy arzuw-umytlaryňyz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun! Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.