Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Aşgabada we Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

21.09.2023

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew paýtagtymyz boýunça iş saparynyň çäklerinde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň desgalaryna baryp gördi we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň awtoulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär hem-de kämilleşdirilýär, jemgyýetçilik ulaglarynyň hyzmatlarynyň derejesi ýokarlanýar. Soňky ýyllarda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň işgärleri alyp barýan işlerine ösen tejribäni we täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Şol bir wagtyň özünde, obalary we şäherleri döwrebap aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün etmek ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň iş sapary Balkan welaýatynda dowam etdi. M.Çakyýew welaýatyň Jebel şäherçesinde häzirki döwürde gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan Halkara howa menziline geldi. Gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyrylan bu giň möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy bilen, halkara howa ugurlarynyň sany artar we ilata edilýän hyzmatlaryň derejesi ýokarlanar.

Soňra M.Çakyýew Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda bolup, bu ýerde durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdy. Häzirki döwürde portuň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda, gämi gurluşygy bilen bir hatarda, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri abatlamak işleri alnyp barylýar. Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory portuň ýük terminallarynyň işi bilen gyzyklandy. Deňiz menzilinde zähmet çekýän hünärmenler portuň terminallarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdylar.

Soňra M.Çakyýew Balkan welaýatynyň etraplarynyň häkimleriniň we gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, önümçilik kuwwatlyklarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, ulag we aragatnaşyk toplumy milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, ilata edilýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmakda we halk hojalygynyň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin toplumlaýyn çäreler görülýär.

Iş maslahatyna gatnaşyjylar özleri üçin döredilýän şertlerdir giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar hem-de öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.