Albaniýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hat ýollady

08.06.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Albaniýa Respublikasynyň Prezidenti Baýram Begaýdan gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Dostlukly ýurduň Baştutany iberen hatynda türkmen halkyny Albaniýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaýar. Prezident Baýram Begaý Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenmek bilen: – Siziň Alyhezretiňiz! Albaniýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Siziň ýurduňyzyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Bilelikdäki tagallalar bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň biziň ýurtlarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine ynanýaryn. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkyna rowaçlyk we ösüş arzuw edýärin – diýip, ýollan hatynda ýazýar.