Eýran «Demirgazyk — Günorta» geçelgesiniň demir ýol böleginiň gurluşygyny tamamlady

04.06.2024
Eýran Hazar deňzini (Enzeli porty) Pars aýlagy (Bendar-Abbas porty) bilen birleşdirýän demir ýoluň gurluşygyny tamamlady. Bu adaty söwda ugurlaryny üýtgeder. Täze ýoluň kömegi bilen ýükler Hindi ummanynyň üstünden Eýrana baryp ýeter, Eýrandan demir ýol boýunça äkidiler we Hazar deňziniň gämilerinde ýol aşar. Şondan soň Astrahandan Sankt-Peterburg şäherine otly, derýa ýa-da ulag ýollary bilen ýetiriler. Täze söwda ýoly Eýran bilen Russiýany Wolga, Azow we Hazar deňizleri bilen baglanyşdyrýan derýa hem demir ýollardan ybarat bolup, ýurtlara Günbatar döwletlerinden garaşsyz söwda etmäge mümkinçilik döreder. Şol bir wagtyň özünde bolsa Moskwadan Hindistana has gysga ýoly emele getirer. Täze ugur Russiýa Federasiýasyna we Eýrana uzaýan ugurlary wagtynda ýeňmäge mümkinçilik berer. Geçelge Ýewropanyň, Ortaýer deňziniň we Sues kanalynyň üstünden geçer we «müňlerçe kilometrlik» menzili gysgaldar. Özboluşly Demirgazyk — Günorta ýük daşamak mümkinçiligi sebäpli, Sankt-Peterburgdan Mumbaýa uzaýan ugurda ozal 30-45 gün sarp edilýän bolsa, indi bary-ýogy 10 gün töweregi wagt gerek bolar. Işe girizileninden soň halkara ulag geçelgesi Eýranda, Pars aýlagynyň ýurtlarynda we Afrika yklymynda sarp edijilere azyk hem oba hojalyk önümlerini daşamak üçin ulanylar.