«Türkmenawtoulaglary» agentligi sergä gatnaşýar

20.09.2023

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergä gatnaşýar.

Her ýylyň Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilmegi däbe öwrülen bu sergide ýurdumyzyň ykdysadyýetde, hususy pudakda, senagatda, ylymda, bilimde, medeniýetde, sportda, syýahatçylykda we beýleki ugurlarda gazanan üstünlikleri ýörite diwarlyklarda görkezilýär.

Sergide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi hem çärä gatnaşyjylary özüniň birnäçe hyzmatlary bilen tanyşdyrdy. Ertir hem dowam etjek sergide ýerleşdirilen agentligiň diwarlygynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hödürleýän hyzmatlary, çözgütleri bilen tanşyp bilersiňiz.

Maglumat üçin bellesek, 3-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly iki günlük halkara maslahat we sergä hem gatnaşdy. Halkara forum Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi we onuň garamagyndaky degişli edaralar bilen bilelikde guraldy.