1-nji iýunda ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ilkinji gezek guralan döredijilik bäsleşigi iki tapgyrda geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden müňden gowrak çaga gatnaşyp, şolaryň 350-si aýratyn döredijilik zehini bilen tapawutlandy, 21-si bolsa I, II we III orunlara mynasyp boldular.
Bäsleşikde aýratyn tapawutlanan we ýeňiji bolan çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem hormat hatlary gowşuryldy.