Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş sapary amala aşyrdy, onuň dowamynda täze şäheriň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäherinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli 3-nji iýunda geçiriljek köpçülikleýin welosipedli ýöriş we Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň maksatnamalary we olardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary boýunça hasabatlar berildi.
Arkadag şäheriniň häkimi Gahryman Arkadagymyza şäheriň köpsanly ýaşaýjylarynyň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda täze şäherde halyçylyk kärhanasyny gurmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Gahryman Arkadagymyz bu teklibiň oňyn başlangyçdygyny aýdyp, ony hormatly Prezidentimize ýetirjekdigini we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň makullan halatynda bu ýerde haly kärhanasynyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Iş maslahatynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda lukmançylyk klasterine degişli binalar, olaryň enjamlaşdyrylyşy we ýerli çig mallardan öndüriljek lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri barada hasabat berildi.