Tatarystan Respublikasynyň Müňýyllyk meýdançasynda «Ýüpek ýoly — 2023» halkara rallisiniň açylyş dabarasy guraldy. 93 ekipažy bir ýere jemlän iri awtomobil ýaryşynyň açylyşy gyzykly konsert maksatnamasy bilen başlandy. Motofristaýlerleriň çykyşy munuň üstüni ýetirdi.
Konsertden soň ýaryşa gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklary getirildi. Ýaryşa gatnaşýan 21 ýurduň baýdaklarynyň arasynda ata Watanymyz Türkmenistanyň ýaşyl Tugunyň dabaranyň sahnasyny bezeýän pursady has-da ýatda galyjy boldy.
Soňra bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň, Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň we beýlekileriň çykyşlaryna giň orun berildi.
Şondan soň çykyş etjek ekipažlar dabaranyň münberine çykdylar. Dabaranyň geçirilen ýerine — Müňýyllyk meýdançasyna ekipažlary ugratmak üçin gelen tomaşaçylaryň bäş müňüsi ýygnandy. Bu barada ýaryşyň resmi web-saýtynda beýan edildi.
Şu gün — 7-nji iýulda ýaryşa gatnaşjak ekipažlar ralliniň ýörite niýetlenen bölegini geçerler. Olaryň şu günki geçmeli menzili 141 kilometre barabar bolar.
Bu rallä türkmen ekipažlarynyň üçüsi gatnaşyp, olar T2 görnüşinden bäsleşýärler. Ýaryşa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda bolýan türkmen toparyna ekipažlary düzýän sürüjilerden we şturmanlardan başga-da, mehanikleriň birnäçesi wekilçilik edýär.